Şu gün – 15-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Prezident Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli 1192 türkmen raýatynyň hem-de 210 sany daşary ýurtly raýatyň günäsini geçmek baradaky resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutany, ilki bilen, göni wideoaragatnak arkaly wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Lider hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň şanly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
“Watan” habarlar gepleşiginde (15.05.2020) habar berlişi ýaly, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň gysga döwürde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.