Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýranyň ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi tarapdary

23:5812.05.2020
0
11069

Türkmenistanyň DIM-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere türkmen tarapyndan şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Möhüm ugurlaryň birnäçesi, hususan-da, ulag we saglygy goraýyş, bilelikdäki desgalaryň gurluşygy ulgamynda, iki ýurduň baştutanlarynyň — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ugurlar boýunça türkmen- eýran hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de türkmen-eýran serhediniň gözegçilik – geçiriş nokatlarynda howpsuzlygy üpjün etmek babatynda pikir alyşmalar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň