Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Russiýa iberen ýükli gämisi Olýa portunda garşylandy

23:1211.05.2020
0
19162

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen Russiýa Federasiýasyna muzdsuz iberilen azyk önümleri, harytlar we materiallar Astrahan oblastynda kabul edildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ugran “Bagtyýar” gämisi Hazarýaka döwletiň Olýa portuna ilkinji gezek bardy. Bu barada oblastyň resmi saýtynda (https://www.astrobl.ru/news/119292) habar berilýär.

Gämide umumy agramy 1,2 müň tonna bolan 49 sany tirkeg bar. Olar azyk önümlerini (pomidor, kelem, käşir, miwe içgileri), dokma önümlerini, gurluşyk materiallaryny (beton plitalar, kerpiç) öz içine alýar. Önümler Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişlidir.

Häzirki çylşyrymly şertlerde halkara düzgünlere laýyklykda, gämä ýüklenen önümlere iki tapgyrda zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri geçirildi. Meýilnama  görä, gämi Ýeňiş gününe gabatlap, Olýa portuna barmalydy. Howa ýagdaýynyň üýtgemegi sebäbli bellenilen wagt birnäçe sagada çenli uzaldyldy.

Gäminiň kapitany Wladimir Baranow: “6-njy maýda ýerli wagt bilen sagat 18:00-da Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ýola düşdük, emma Wolga-Hazar gämi gatnaw kanalyna girenimizde, ýakymsyz howa akymy sebäpli uzak durmaga mejbur bolduk. Olýa portunda astrahanly kärdeşlerimiz bizi myhmansöýerlik bilen garşy aldylar. Koronawirus pandemiýasy wagtynda talap edilýän arassaçylyk, şeýle hem serhet we gümrük gözegçiligini haýal etmän geçdik, ýükleri düşürmekde-de kynçylyk çekmedik.”  - diýip, gürrüň berýär.

Astrahan sebitiniň gubernatory I.Babuşkiniň adyndan sebitiň senagat we tebigy baýlyklar ministri Denis Afanasýew türkmen dostlaryna minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlendi:

“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Astrahan sebitine dostlukly garaýyşlary üçin minnetdar. Ynsanperwer kömek ibermek, Astrahan oblastynda we umuman Russiýada koronawirusa garşy göreşmäge mejbur bolanymyzda – şeýle kyn döwürde bahasyna ýetip bolmajak goldawdyr.”

Türkmen Lideriniň bu ynsanperwer goldawy üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkin Prezident Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny ýollady. Hatda şeýle ýazylýar:

“Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur  kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň! 

Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýunça aýratyn töwekgelçilik toparyndan bolan adamlara goldaw berýän edaralara, şeýle hem koronawirus ýokanjy bilen göreşýän sebitimiziň durmuş we lukmançylyk edaralaryna ugradylar. 

Astrahan oblastyna ýokary hilli türkmen harytlaryny muzdsuz ibermek barada gelen kararyňyz biziň ýakyn dostlukly gatnaşyklarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistan dünýä giňişliginde biz üçin möhüm strategik hyzmatdaş bolup, biz onuň bilen gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys hem-de geljekde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris.

Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda dowam etjekdigine umyt edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň