Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan harby ýöriş geçirildi

10:4910.05.2020
0
20571

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 – 1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Esasy dabaralar paýtagtda ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi.

Dabara Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general polkownik Aleksandr Fomin hem gatnaşdy.

Döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlenip, türkmen halkyny we ilkinji nobatda uruş we zähmet weteranlaryny Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy bilen gutlady.

Prezidentiň belleýşi ýaly, bu beýik ýeňiş üçin biziň ýurdumyz mynasyp goşant goşdy. Türkmenistandan gatnaşan gerçekler geçen söweşiň iň möhüm pursatlaryndan geçip, ýokary edermenlik, gahrymançylyk we watana wepalylyk görkezdiler. Olardan 70 müňden gowragy ordenler we medallar bilen sylaglandy. 104 türkmen raýaty “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen ýokary derejä eýe boldy, 15-si “Şöhrat” ordeniniň doly eýesi boldy. Müňlerçe watandaşymyz gazaply söweşlerde başlaryny goýdy.

Doganlyk aladasy bilen gurşalan halkymyz, oba zähmetkeşleri gaýratly işlediler. Türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna takmynan 7 400 kilogram altyn we kümüş şaý-seplerini berip, ýokary ynsanperwerlik görkezendiler.

Döwlet Baştutany bitaraplygyň kanuny statusyna esaslanýan şu günki Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek üçin uly tagalla edýändigini aýtdy. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, ynam we özara düşünişmek ýörelgelerini güýçlendirmek üçin zerur işleri ýerine ýetirýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň  4500-den gowrak söweş we zähmet weteranynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Karary bilen "1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna" atly ýubileý medalynyň gowşurylandygyny aýtdy.

Urşuň agyr ýyllarynyň geçendigine garamazdan, halkyň görgüleri, agyrylary we ýitgileri, görkezen edermenligi hiç haçan ýatdan çykarylmaz, gahrymançylygyň öçmejek nyşany hökmünde nesilleriň ýadynda hemişelik ýaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň