Soňky habarlar

Arhiw

13-nji maýda Aşgabatda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi we maslahat geçiriler

23:5901.05.2020
0
11644

Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirieln sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Aşgabatda 13-nji maýda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Sergide ýurduň we daşary ýurtlaryň fotosuratçylarynyň, habarçylarynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga hem-de dünýäniň halklarynyň agzybirligine, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan işleri görkeziler. Häzirki wagtda serginiň işine dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiller gatnaşmaga isleg bildirdi. Sergä gatnaşjak daşary ýurtlulara çäräniň açylyş dabarasynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etmäge mümkinçilik dörediler.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara medeni çärelerini geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şol çäreler dostluk gatnaşyklaryny hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýäde halkymyzyň ruhy mirasyny wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki döwrüň wideoaragatnaşyk mümkinçiliklerini peýdalanyp, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergini we maslahaty geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, olara gatnaşyjylaryň döredijilik taýdan üstünlikli gatnaşyk etmegi üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň