Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow täze döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlanyldy

23:0701.05.2020
0
32156

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirildi.  Ara alyp maslahatlaşmak üçin bu assosiasiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny tassyklamak, assosiasiýanyň ýolbaşçysyny, müdiriýetiniň agzalaryny, gözegçilik-derňew toparyny saýlamak baradaky meseleler girizildi.

Bu assosiasiýanyň döredilmegi bolsa hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegine, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlary yzygiderli esasda hasaba almaga we köpeltmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy. Ol ýurdumyzda şonuň ýaly ilkinji desga bolup, bu ýerde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanylýar.

Maslahatyň barşynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi, onuň gün tertibiniň beýleki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça çözgütler çykaryldy. Assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi. Ses bermegiň netijesi boýunça ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.

Soňra assosiasiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysyna söz berildi. Ol bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, täze assosiasiýanyň geljekde ýerine ýetirmeli işleri babatda garaýyşlary, onuň maksatlary hem-de meýilnamalary barada gürrüň berdi. Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň alabaýlaryň goralyp saklanylmagyna we köpeldilmegine, olaryň bütin dünýäde wagyz edilmegine berýän uly ünsi aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem alabaýlaryň itleriň iň gadymy tohumlarynyň biridigi, muny bolsa Türkmenistanyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde we beýlekilerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylaryň hem tassyklaýandygy bellenildi. Ýakynda Daňdanakanda — Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşen taryhy oturymly ýerde tapyndylaryň biri ýüze çykaryldy — ol kinniwanja heýkeljik bolup, onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen, alabaýlar diňe bir kömekçi, goragçy bolman, eýsem, dost hem syrdaş bolup, nusgalyk batyrlyk we çäksiz wepadarlyklaryny görkezdiler. Şeýle häsiýetleri netijesinde, ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde hormatly orny eýeledi.

Täze assosiasiýanyň öňünde hem alabaýlaryň gymmatly häsiýetlerini gorap saklamak we ösdürmek wezipesi durýar. Bu tohumyň kemala gelmegi babatda asyrlardan gelýän däplere eýerilmegi onuň ajaýyp häsiýetlerini saklamaga kömek eder. Şol häsiýetler türkmen alabaýlaryny beýleki tohum itlerinden tapawutlandyrýar.

Alabaý birnäçe müňýyllyklara uzaýan durmuş synagyndan üstünlikli geçdi. Şoňa görä-de, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi täze eýýamda onuň taryhy nesil daragtynyň mynasyp dowam etjekligidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň