Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde ÝB-niň ilçisi kabul edildi

21:1827.04.2020
0
8989

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝB-niň ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine garaldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi türkmen Lideriniň öňe sürýän, tutuş dünýä bileleşiginde howsala döredýän derwaýys meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we doly goldaýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýe bolmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hem pikir alyşdylar. Häzir dünýäniň ösüş meýillerini nazara almak bilen, energetika we ynsanperwer ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklar üçin döwletimiziň alyp barýan açyklyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Diego Ruiz Alonso Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Täze strategiýasynyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen has-da netijeli hyzmatdaşlyga umyt bildirýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň