Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen konkur ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

09:5527.04.2020
0
12309

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirilen konkur boýunça ýaryş Ýazgeldi Garajaýewiň Altynhan atly bedewi bilen gazanan ýeňşi bilen tamamlandy. Ol bellenen päsgelçilikleri 51,07 sekuntda geçdi.

Terbaş atly bedew bilen ikinji orny eýelän Ezberguly Babalyýew 51,59 sekuntlyk netije görkezdi. Şeýle hem ilkinji üçlüge Aşgabat ― 2017-niň çempiony Nikolaý beglarýan girdi. Toýçy atly ajaýyp bedewe erk eden türgen 51,72 sekuntlyk netije görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň