Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak bellenildi

23:5821.04.2020
0
7623

Her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljek «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň