Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölümi Aşgabat şäheriniň 59-njy orta mekdebinde “Muzeý gymmatlyklarynyň bilimdäki gymmaty” atly sergini gurady.
Sergide XIX ― XX asyryň dürli öý goşlary, haly önümleri, haly dokamak üçin gurallar, guşlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Muzeýiň hünärmenleri bu gymmatlyklaryň her biri barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.
Bu sergi okuwçylarda türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni gymmatlyklaryna, dogduk topragynyň tebigaty we ýabany tebigatyna bolan söýgüsini has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Bular barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.