Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ahalteke bedewlerine bagyşlanan bäsleşik sergisi geçirilýär

11:0813.04.2020
0
12124

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň sergi jaýynda türkmen bedewine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda eserleriň 200-den gowragy görkezilýär.

Sergä akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň 150-si öz işleri ― nakgaşçylyk, keramika, heýkeltaraşlyk, haly we şaý-sep önümleri bilen gatnaşdylar. Sergidäki eserleriň ählisi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli yglan edilen bäsleşige hödürlenilýär.

Bäsleşigiň şertlerine görä, eserleri eminler gözden geçirensoň, ýeňijiler yglan ediler. Bäsleşik baýramçylyk günlerinde jemlener. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň