Horwatiýaly tälimçi Ante Mişe 24sata neşirine beren uly göwrümli interwýusynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen täze şertnama baglaşmaga umyt bildirýändigini aýtdy. Ol Aşgabatdaky ýaşaýyşy we türkmen futbolçylarynyň oýun aýratynlygy barada şeýle diýdi:
― Baglaşylan şertnamanyň möhleti 31-nji martda tamamlandy. Koronowirus sebäpli futbol ýaryşlarynyň belli bir wagta çenli togtadyljakdygy belli bolanda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylaryna bize hiç zat tölemezlik şerti bilen özümiziň az wagtlyk Horwatiýa ― öýümize dolanmaga isleg bildirýändigimizi aýtdym. Çünki hiç zat etmän Türkmenistanda ýaşap ýörmegiň manysy ýokdy. Netijede, futbol ýaryşlary dikeldilenden soň hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmek barada ylalaşdyk.
Munuň şeýle boljakdygyna ynanýaryn. Bu ylalaşyk biziň üçin ýeke-täk we iň gowy mümkinçilikdir. Çünki Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Koreýa Respublikasy, KHDR, Liwan we Şri-Lanka ýaly garşydaşlarynyň bardygyna garamazdan, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy häzir toparçada birinji orny eýeleýär. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmezlige hiç hili esas ýok.
Eger koronowirus pandemiýasynyň ýagdaýy ertir gowulaşsa, men şol günüň özünde Türkmenistana dolanyp, işimi dowam etdirmäge taýýar bolardym. Ýurduň paýtagty Aşgabat bolsa örän ajaýyp şäher. Bu ýerde binalaryň ählisiniň daşyna mermer örtülen. Adamlar asuda ýaşaýarlar, işsizlik we jenaýat ýok. Şäher juda arassa, zir-zibile hiç ýerde gabat gelmersiň.
Harytlaryň bahasy barada Türkmenistan bilen Horwatiýanyň arasynda örän uly tapawut bar. Iň oňat restoranda naýbaşy tagamlar bilen garbanmak üçin 15-20 kun (Horwatiýanyň pul birligi ― red.) ýeterlik. Benziniň bahasy bolsa 30 lip (Horwatiýanyň ownuk pul birligi ― red.). Käbir adamlar tomusda yssy bolanda awtoulagy hem öçürmeýärler. Awtoulagdaky kondisioner olara amatly howa derejesini berýär.
Men hemmelere Aşgabada baryp görmegi maslahat berýärin. Şäheriň merkezinden geçýän uly ýol bilen gidip barşyňa, çar tarapyňy ýaşyl tebigat bezeýär. Aşgabadyň Olimpiýa stadionyny bolsa ahalteke atynyň şekili bezeýär. Bu ýurduň nähili baýdygyny her ädimde görüp bilersiňiz.
Futbol barada aýdylanda bolsa, bu oýun Türkmenistanda ösüş tapgyrynda. Ýurduň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtingindäki ilkinji ýüzlükden aşaky orunlaryň birinde ýerleşýär. Esasy ligada dört aýlawdan sekiz topar ýaryşýar. Ýurduň çempiony we kubogynyň eýesi AFK-nyň kubogynda ýaryşýar. AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak heniz utuk ýeterlik däl. Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda geçen ýyl çärýek finala, öňňüsi ýyl bolsa finala çenli baryp bildi.
2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy güýçli garşydaşlarynyň biri bolan KHDR-ni ýeňdi. Koreýa Respublikasy bilen hem öz meýdanymyzda mynasyp oýun geçirdik. Türkmen futbolçylary örän çalasyn we güýçli. Olarda dogabitdi agressiýa bar, esasanam, olaryň tertipliligini we öwrenmäge isleglidigini haladym. Olaryň esasy kemçiligi bolsa boýlarynyň biraz gysga bolmagydyr.
Bäş oýundan soň 9 utuk bilen Türkmenistan milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň «H» toparçasynda Koreýa Respublikasyndan, Liwandan we Demirgazyk Koreýadan bir utuk öňe saýlandy. Şri-Lankanyň bolsa asla utugy ýok. Häzir ýagdaýymyz gowy, ýöne bu ornumyzy goramak kyn bolar. Duşuşyklar täzeden başlanda bolsa, biz islesek-islemesek, ara düşen arakesmäniň täsirini göreris.