Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda 129-njy orunda galdy

17:3609.04.2020
0
4590
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda 129-njy orunda galdy

Şu gün FIFA resmi  web saýtynda milli ýygyndylaryň sanawyny täzeledi. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy täze sanawda 129-njy orny eýeleýär. Ildeşlerimize 1107 utuk berilýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň ýygyndysy 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri resmi halkara duşuşyk geçirmedi.

Dünýä futbolynda arakesme bilen baglanyşykly toparlaryň ýagdaýy we utuk görkezijileri üýtgemedi. Ilkinji onlukda-da hiç hili üýtgeşme bolmady. Belgiýa henizem öňde barýar, Fransiýa ikinji, Braziliýa üçünji ýerde. Şeýle hem ilkinji bäşlige Angliýanyň we Urugwaýyň ýygyndylary girýär.

Sanawda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklaryndaky garşydaşlarymyzdan Koreýa Respublikasy 40-njy, Liwan 89-njy, KHDR 116-njy, Şri-Lanka 206-njy orny eýeleýär.

Halkara futbol federasiýasynyň indiki sanawy 11-nji iýunda yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň