Soňky habarlar

Arhiw

«Napoliniň» ýolbaşçysy Serdar Azmunyň transferine razylyk berdi

13:3909.04.2020
0
7446

«Corriere dello Sportuň» ýazmagyna görä, Italiýanyň «Napoli» futbol topary öňümizdäki tomusda «Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmuny düzümine goşmaga synanyşjak esasy dalaşgärleriň biri bolar.

Maglumatlara görä, Napoli şäheriniň klubynyň hojaýyny Aurelio De Laurentis bu transfere razylyk berdi. 25 ýaşly eýranly futbolçynyň transfer bahasy 18 million ýewro diýlip çaklanylýar. Futbolçynyň «Zenit» bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň