Soňky habarlar

Arhiw

«Forum plýus» türkmen halkynyň harby gahrymançylygyna bagyşlanan makala çap etdi

16:0208.04.2020
0
16574

«Sabyr, hanjar we wepaly at». GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň (IFES) goldawy bilen neşir edilýän «Forum Plýus» žurnalynda çap edilen makalalaryň biri, ynha, şeýle atlandyrylýar. Onuň awtory Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Allanazar Sopyýewdir. Makalada türkmen halkynyň harby däpleri barada gürrüň berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda harby-gahrymançylyk ugurly muzeýleriň birnäçesi açyldy. Olary döretmäge gatnaşan awtoryň žurnaldaky makalasy täsirli çykypdyr.

Makalada türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy we diňe özüne mahsus bolan harby tälimidir tilsimleri barada gyzykly faktlaryň üsti bilen gürrüň berilýär. Esasan hem türkmen gylyçy, hanjar, ok-ýaý, ot açýan ýaraglar baradaky maglumatlar has täsirlidir. Makalada türkmen gerçekleriniň 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşundaky gahrymançylyklaryna hem giň orun berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň