Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesindäki welotrekde türgenleşik aýlawyny etdi

23:5807.04.2020
0
15058

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine gelip, bu ýerdäki welosiped ýodasynda ogly Serdar Berdimuhamedow bilen welosipedli ýöriş etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi Aşgabadyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrüldi. Toplumyň ähli desgalary özüne çekiji gözel keşbi bilen tapawutlanýar, has tapawutlanýan görnüşi bolsa Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper-monumental keşbidir. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Milletiň Lideri Olimpiýa şäherçesinde üsti ýapyk welotrege bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti welosipedde ýaryş ýodasy boýunça türgenleşik aýlawyny geçdi.

Döwlet Baştutany trek meýdançasynyň ýoly bilen ýörişini tamamlansoň, beýleki ýolbaşçylar hem Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerdiler.

Soňra milletiň Lideri egindeşleri bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň, bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany halkymyzyň saglygyny saklamagyň we berkitmegiň möhüm şerti bolan bedenterbiýäni ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň