Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy

16:0006.04.2020
0
6444

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy.

Jeýhun ýakasyndaky şäheriň esasy muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergide milli gymmatlyklardan başlap, surat eserleri, oba hojalyk enjamlary, milli senetçiligiň önümleri we beýlekiler görkezilýär.

Türkmen milli lybaslary sergä gelýänleriň ünsüni özüne has çekýär. Olaryň aglabasy hut geçen asyrlarda tikilen we ýerlerden muzeýiň gymmatlyklarynyň hasabyna tabşyrylan lybaslardyr. Sergide döwürleriň sazlaşygynyň ajaýyp beýanyny tapandygyny hem aýtmak gerek.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň ilkinji myhmanlary Türkmenabadyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary boldular. Muzeýiň işgärleri olara bu sergi barada gyzykly gürrüňleri berdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň