Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze awtobus gatnawlary açylar

21:4103.04.2020
0
22354
Aşgabatda täze awtobus gatnawlary açylar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6-njy aprelinden 46-njy — «Demir ýol menzili — Gurtly» hem-de 88-nji —«Demir ýol menzili — Awtokombinat» täze ugurlarynyň açylyp, awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.

46-njy ugur boýunça awtobus «Demir ýol menzili» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçesi, Türkmenbaşy Magtymguly şaýollary, Aba Annaýew köçesi we Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna şu ugur boýunça hereket edip, «Demir ýol menzili» belleniş nokadyna gelýär.

88-nji ugur boýunça awtobus «Demir ýol menzili» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçesi, Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollary, S.Myradowa köçesi we A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna şu ugur boýunça hereket edip, «Demir ýol menzili» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-58-15, 28-60-30.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň