«RIA Nowosti» Russiýanyň Içeri işler ministrligine salgylanyp, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlarynyň wizasynyň 90 gün uzaldyljakdygyny habar berdi.
Mundan başga-da, ýurduň Içeri işler ministrligi Russiýa Federasiýasyna wiza talap etmeýän görnüşde gelen raýatlaryň möhleti baradaky meselä hem sereder. Eger olaryň möhleti dolan bolsa, uzaldylyp berler.
Bu maglumatlar Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, «Türkmenportal» tarapyndan hem tassyklandy.
Koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky howa gatnawynyň wagtlaýyn ýatyrylandygyny ýatladýarys.