Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

22:0602.04.2020
0
7663

Şu gün – 2-nji aprelde  Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Ukrainanyň daşary işler ministri D.Kulebanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynyň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we onuň syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda mundan beýläkki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwlet derejesinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdiler we geljekde iki döwletiň Prezidentleriniň duşuşygy bilen bagly syýasy ugurlar barada pikir alyşdylar. Halkara gatnaşyklar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy  güýçlendirmegiň zerurlygy hem bellenildi.

Ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Türkmen-ukrain hökümetara toparynyň wezipeler hem gepleşikde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli ýola goýmak barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň