Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahally maldarlar owlak-guzy we köşek almak möwsümini üstünlikli alyp barýarlar

12:5401.04.2020
0
7728

Ahal welaýatynyň maldarlary owlak-guzy we köşek almak möwsümini üstünlikli alyp barýarlar. Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda eýýäm 120 müň owlak-guzy we 2 müň köşek alyndy.

Dok we ýyly gyşladylan mallar baharyň häzirki günlerinde sagdyn nesil berýärler. Çopanlar her gün Gün dogmanka, sürüleriň arasyna aýlanyp, täze doglan owlak-guzulary we köşekleri ýygnap, olara garaşyk edýärler. Täze doglan mallaryň ählisi tohumçylyga goýberiler.

Mallardan önüm almak möwsümi dowam edýär. Sebitde ýyllyk meýilnamasyny berjaý edne maldarçylyk hojalyklarynyň sany barha artýar. Beýleki hojalyklar hem olaryň söbügine düşüp, bu gün-ertir meýilnamany berjaý etmegiň bäri ýanynda.

Dowarlardyr düýeler, şol sanda owlak-guzulardyr köşekler hemişe weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň