Soňky habarlar

Arhiw

«FutsalPlanetde» Türkmenistanyň futzal ligasy baradaky maglumatlar elýeterli boldy

13:5131.03.2020
0
6163

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ýaryş tertibi we duşuşyklarynyň senenamasy indi dünýä belli «FutsalPlanet» futzal portunda hem ýerleşdirildi. Bu port arkaly futzal ligamyzyň onlaýn netijeleri bilen tanyşmak mümkindir ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Eýýäm «Leagues & Cups» bölüminde ilkinji duşuşyklaryň netijeleri, ýaryş tertibi we senenama ýerleşdirildi. Ulanyjy bu bölüme girip, ondan Türkmenistany saýlap, futzal boýunça Naýbaşy ligamyz barada maglumat alyp biler. 
Häzirki wagtda türkmen futzaly bilen bagly habarlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Futbol federasiýasynyň resmi saýtlarynda hem-de biziň «Sport» bölümimizde yzygiderli berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň