Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara oba hojalyk özgertmelerini çaltlandyrmagy tabşyrdy

23:5830.03.2020
0
5246
Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara oba hojalyk özgertmelerini çaltlandyrmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi aýratyn ara alnyp maslahataşyldy.

Maslahatda bu işleri mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak bilen baglylykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny 2020-2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýazky möwsüm barada hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler;

oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew pudagy ýokary depginler bilen ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäräniň işiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini, ýerine ýetirilen işler barada elektron görnüşdäki anyk maglumatlary toplamaga mümkinçilik berjekdigini we umuman, pudagyň durnukly ösdürilmegini üpjün etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutany öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şonuň bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan toplumlaýyn goldaw hem-de hemmetaraplaýyn hemaýat edilýändigine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna garamazdan, pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol kemçilikleriň hatarynda, bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde depginleriň pesdigi agzaldy.

Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç yglan edildi.

Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynyň ahyrynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy baradaky meselä degip geçdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylanyna 10 ýyl dolýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk çärelerini türkmen toýuna mahsus ruhda ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň