Soňky habarlar

Arhiw

«Galkan» hokkeý boýunça ýedinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

08:2030.03.2020
0
8451

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary bassyr ýedinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Tejribeli tälimçi Baýram Allaýarowyň şägirtleri 2019 ― 2020-nji ýyllaryň çempionatyny ýaryş tertibiniň iň ýokarky basgançagynda tamamladylar. Topar çempionatdaky duşuşyklaryň ýekejesinde hem ýeňilmän, hokkeýiň taryhynda seýrek gabat gelýän netijeleriň birini gazandy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Milli hokkeý federasiýasy tarapyndan geçirilen çempionatyň yzda galan möwsümi geçen ýylyň güýzünde başlady. Onuň duşuşyklaryň paýtagtyň buzly meýdançalarynyň ikisinde ― Sportuň gyşky görnüşleri toplumynda we «Galkan» sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçirildi.

Şu gezekki çempionata ýedi topar gatnaşdy. «Galkanyň» iki düzüm bilen gatnaşmagy, has takygy, «Galkan ― 2» toparynyň hem ýaryşmagy şu gezekki çempionatyň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Çempionatyň täze wekili erbet netije hem görkezmedi. Esasan, ýaş hokkeýçilerden ybarat topar ýurdumyzyň iň güýçli toparlarynyň ilkinji bäşligine girmegi başardy.

Çempionatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» topary ikinji, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» topary bolsa üçünji orny eýeledi. Aslynda, ikinji we üçünji orny eýelänleri kesgitlemek ýeňil düşmedi. Çünki «Şir» bilen «Oguzhan» çempionatdaky duşuşyklarda şol bir meňzeş utugy (27 utuk) gazandylar. Özara duşuşyklarda hem netijeler birmeňzeş. Çünki ilkinji duşuşykda 8:3 hasabynda ýeňiş gazanan «Şir» ikinji duşuşykda «Oguzhandan» 1:6 hasabynda ýeňlipdi. Şeýlelikde, iki toparyň biri-biriniň derwezesine geçiren şaýbalarynyň sany hem 9:9 hasabyndaky täsin deňlige eýe boldy. Ahyrky netijede olaryň umumy geçiren we geçirden şaýbalarynyň sany boýunça orunlar kesgitlenildi. Şunlukda, garşydaş derwezelere 112 şaýba geçirip, öz derwezesine 28-sini goýberden, şeýlelikde 84 şaýba artykmaçlygyny gazanan «Şir» 75 şaýba artykmaçlygyny gazanan (122/47) «Oguzhandan» öňe geçdi.

Güýçli oýunçylarynyň birnäçesiniň harby gullugy tamamlap, ozalky toparlaryna dolanmagy bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» topary garaşylan netijäni görkezip bilmedi. Her niçik hem bolsa olar ýedi toparyň arasynda ilkinji üçlüge iň ýakyn gelip bilen wekil boldular.

Bäşinji orny «Galkan ― 2-niň» eýeländigini ýokarda aýdypdyk. Altynjy we ýedinji orunlary bolsa degişlilikde, Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil» hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Bürgüt» toparlary eýeledi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça «Şiriň» derwezeçisi Anton Ýurlow, «Galkanyň» goragçysy Amangeldi Aganyýazow we «Oguzhanyň» hüjümçisi Ahmet Gaýybow öz ugurlary boýunça şahsy baýraklara hem mynasyp boldular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň