Soňky habarlar

Arhiw

Goçguly Goçgulyýew ― «Pahtakoryň» taryhyndaky iň gowy legionerleriň üçlüginde

13:2727.03.2020
0
8755

Daşkentiň «Pahtakor» futbol toparynyň resmi web sahypasy daşary ýurtly oýunçylaryň arasynda iň köp tapawutlananlaryň sanawyny çap etdi.

Sanawda görkezilen 23 legioneriň arasynda watandaşymyz Goçguly Goçgulyýew üçünji orny eýeledi. Ol «Pahtakoryň« düzüminde futbol oýnan ýyllarynda 80 duşuşykda 26 pökgi geçirmegi başarypdy. Sanawyň başyny nigeriýaly hüjümçi Uçe Iheherome we serbiýaly Dragan Çeran çekýär. Olaryň her haýsy «Pahtakorda» 30 pökgi geçiripdiler. Daşary ýurtly futbolçylaryň iň gowy onlugynda Türkmenistanyň ýene bir wekili ― hüjümçi Aleksandr Krohmal hem bar

Goçguly Goçgulyýew 2002-nji ýylda özbek toparynyň düzüminde 14 pökgi geçirip, toparyň iň netijeli oýunçysy bolupdy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web sahypasynda hem aýdylyşy ýaly, onuň goragçydygyny göz öňünde tutsak, munuň özi örän ajaýyp netijedir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň