Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň ilçihanasy türkmenistanly syýahatçylaryň wizalaryny mugt uzaldyp berýär

16:4125.03.2020
0
12625

1-nji fewraldan 30-njy iýuna çenli Italiýa wiza alan Türkmenistanyň raýatlary olary yzyna mugt tabşyryp biler diýip, Italiýadanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz resmi saýtynda habar berýär.

Ilçihana meýilleşdirilen syýahatlaryny yza süýşüren, ýöne düýbünden ýatyrmadyk raýatlaryň, degişli resminamalary bermek bilen, täze giriş wizasyna mugt hukugynyň bardygyny belleýär.

Täze wiza almak üçin köne, ulanylmadyk wizany we syýahatçylyk edaralary arkaly (mysal üçin, Italiýanyň myhmanhanalary ýa-da syýahatçylyk agentligi) pasport hödürlemek ýeterlik bolar. Müşderilerden çykdajylaryň öwezini dolmak talap edilmez.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň