Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem resmi duşuşyklary soňa süýşürdi

17:2224.03.2020
0
17900

Dünýä ýüzünde dowam edýän saglyk bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlar, ilaty koronowirus howpundan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz guramaçylygyndaky ýaryşlary hem wagtlaýynça soňa süýşürdi.

Federasiýasynyň resmi saýtynda berlen maglumata görä, TFF-niň soňa süýşüren ýaryşlary:

― Türkmenistanyň çempionaty, Ýokary liga;

― Ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiligi;

― Futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary.

Federasiýa ýokarda agzalan ýaryşlarynyň nobatdaky duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri barada goşmaça habaryň beriljekdigini ýazýar.

Mart aýynyň ilkinji ongünlüginde badalga berlen Türkmenistanyň futbol çempionatynda üç tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Şol sanda futzal boýunça Naýbaşy ligada hem paýtagtda ilkinji üç tapgyryň duşuşyklary oýnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň