Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elektron neşirlere ýazylmak mümkinçiligi hem dörediler

20:0419.03.2020
0
7158

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar. Bu barada 18-nji martda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Agzalan mejlisde wise-premýer B.Abdyýewa hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, esasan hem, gazet-žurnallaryň işine sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Milletiň Lideri kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary ýaýratmak üçin planşetlerden we smartfonlardan başlap, telewizorlara çenli kabul ediji enjamlaryň dürli görnüşlerinde maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çemeleşmeleri we çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany, mysal hökmünde, wise-premýerlere metbugat neşirleriniň birini elektron görnüşinde açyp görkezip, onuň okyjy üçin örän bähbitli bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň çap etmek önümçiligi bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, olaryň çatylyp goýulma görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterlidiginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde tapawutly aýratynlygy bardyr.

Mundan başga-da, milletiň Lideri elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi — elektron gazetleriň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutany ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň