Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Türkmen sporty bagtyýarlyk döwründe» atly döredijilik sergisi açyldy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Sergide ýaş suratkeşleriň 110-dan gowragynyň surat, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn we bezeg hem-de amaly sungat eserleri bar.
Hödürlenen eserler kompozisiýa gurluşy, döredijilik täsiri bilen ynsan duýgularynyň düýpsüz çeşmedigini ýene bir ýola görkezýär. Dinamik gözellik pikiri bu ýerde şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde giňden ösdürilipdir we sporty suratlandyrmagyň çeper, estetiki we ahlak ýörelgeleri üçin köp babatda aýgytly bolupdyr.
Bagtyýar Begsahedowyň «Bäsleşik» atly işi, Ogulnur Poladowanyň küşt sportuna, Oguljemal Pirmedowanyň sagdyn durmuş ýörelgesine, şeýle hem Oraztaç Täçmämmedowa, Parahat Rejebow, Şatgül Amangylyjowa, Orazmyrat Hojaberdiýew ýaly talyplaryň sportuň dürli görnüşlerine bagyşlap döreden eserleri sergä gatnaşyjylarda üýtgeşik täsir galdyrdy.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmen sporty bagtyýarlyk döwründe» atly döredijilik sergisi açyldy
12:3819.03.2020
0
7172
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň