Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri koronowirusa garşy göreşmekde tagallalary birleşdirerler

23:5718.03.2020
0
22931

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDh ýazýar.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwrüň wakalaryny, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak nukdaýnazaryndan guralýan strategik türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyzyň öňden gelýän dostluk hem-de doganlyk däpleri, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy, iki döwletiň halkara işlerinde parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlylygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik döreden ylalaşyklary amala aşyrmak babatda döwletara gatnaşyklaryň oňyn depginini bellediler.

Taraplar uly mümkinçiliklere, uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmanyň bardygyny tassykladylar. Şunda bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär diýip, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek derejesiniň geljekde-de ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyp, dünýäde dartgynlylygy we kesgitsizligi döredýän hem-de halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldamak bilen, bu meseläni çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini hem-de degişli ugurda doganlyk Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň