Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi wiza üçin resminamalary kabul etmegi wagtlaýynça togtatdy

22:2218.03.2020
0
13314

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara ähli görnüşli wizalary hasaba almak we bermek üçin resminamalaryň kabul edilmegini wagtlaýynça togtatdy. Bu barada Ilçihana tarapyndan habar berildi.
Resmi beýannamada şeýle kararyň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martynda çykaran kararyna laýyklykda kabul edilendigi aýdylýar. Oňa laýyklykda «döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak we Russiýa Federasiýasynda täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 2020-nji ýylyň 18-nji martyndan ýerli wagt bilen 00:00-dan 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna ýerli wagt bilen 00:00-a çenli daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Russiýa Federasiýasyna girmegi wagtlaýyn çäklendirilýär» diýilýär.
Şeýle hem Ilçihana «bu çäklendirmeler Russiýa Federasiýasynyň daşary ýurt döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk wezipeleriniň akkreditlenen ýa-da bellenen işgärlerine, halkara guramalaryna we wekilhanalaryna, Russiýa Federasiýasynda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň beýleki resmi wekillerine we maşgala agzalaryna degişli däldir» diýlip, düşündiriş berilýär.
Ilçihana «görkezilen çäklendirmelere düşünmek bilen çemeleşmegi haýyş edýär, sebäbi bu çäreleriň aýratyn ýagdaýlar bilen bagly we diňe wagtlaýyn geçirilýändigi delillendirilýär».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň