Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 17 ― 18-nji mart günlerinde geçirilen TSTB-niň sergisine ýerli kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň biri hem «Türkmen senagat» hojalyk jemgyýetidir. Jemgyýetiň satuw işleri boýunça wekili Kerim Garlyýew alnyp barylýan işler barada «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
― Ozal kompaniýamyz gurluşyk işleri bilen meşgullanýardy, ýöne mundan iki ýyl ozal dokalmadyk materiallaryň önümçiligine girişmek kararyna geldik. Şeýlelikde, 2019-njy ýylda munuň üçin ýörite zawody gurduk. Şu ýylyň başyndan bäri hem Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilenden dokalmaýan mata önümçiligine girişdik.
Biz önümlerimizi rulonlar görnüşinde öndürýäris we satýarys. Olar lukmançylykda hem giňden ulanylýar: lukmançylyk maskalary, eşikleri we beýlekiler öndürilýär. Önümler ekologiýa taýdan hem arassadyr. Ýakyn geljekde önümlerimizi Türkiýä we Russiýa eksport etmek bilen çäkleri giňeltmegi meýilleşdirýäris
Soňky habarlar
Arhiw
Kerim Garlyýew («Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti): «Önümlerimizi Türkiýä we Russiýa eksport etmegi meýilleşdirýäris»
19:4118.03.2020
0
18536
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň