Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynyň türkmenistanly futbolçysy Ata Geldiýew bu toparyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.
Gyrgyz çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Kara-Balta» bilen geçirilen duşuşygyň esasy düzüminde meýdana çykyp, toparyň 2:0 hasabynda gazanan ýeňşine uly goşant goşdy. Kant şäherinde geçirilen duşuşykdaky pökgüleri 88-nji minutda Maksat Alygulow, 90-njy minutda Timur Orozbek uulu geçirdi.
Ata Geldiýewiň 2018-nji ýylda «Alaýyň» düzüminde hem futbol oýnandygyny ýatladýarys. Şeýle hem ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň HTTU, «Aşgabat», «Ahal», «Şagadam», Indoneziýanyň «Persera» toparlarynda çykyş etdi.
«Abdyş-Atanyň» düzüminde başga bir ildeşimiziň ― «Köpetdagyň» ozalky derwezeçisi Rahat Japarowyň hem bardygyny ýatladýarys. Ýöne ol toparyň ikinji derwezeçisi. Şonuň üçin onuň gyrgyz çempionatyndaky oýnuna käbir duşuşyklarda şaýat bolup bileris.