Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalaryna 1 million tonna kükürt eksport eder

23:5110.03.2020
0
30236

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Rabat şäherine bolan iş saparynyň çäginde «Turkmengaz» döwlet konserni Marokkonyň OCP SA we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Sun International FZE» kompaniýalary bilen 1 million tonna kükürdi eksport etmek barada şertnamalary baglaşdy. Bu barada wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan Hökümet mejlisinde habar berildi ― diýip, TDH ýazýar.

«Bu şertnama ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýlelikde, döwletara syýasy, ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin möhüm ähmiýete eýe. Onuň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli barýandygyny subut edýär ― diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň