Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Weberiň we Çaýkowskiniň nusgawy eserleri ýaňlanar

15:3610.03.2020
0
8345

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda 18-nji martda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orketriniň konserti bolar. Konsertiň dowamynda klarnet saz guralynda ýekelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Ýusup Öwezow çykyş eder.

Konsert iki bölümden ybarat bolar. Birinji bölümde tomaşaçylar Karl Mariýa fon Weberiň «Erkin atyjy» operasyndan bölekleri diňläp bilerler. Ikinji bölümde bolsa Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Françeska da Rimini» atly simfoniki poemasy ýaňlanar.

«Erkin atyjy» ilkinji gezek 1821-nji ýylyň 8-nji iýunynda Berlinde görkezilipdi. Onuň drižýorlygyny kompozitoryň özi alyp barypdy. Bu esere, köplenç, «Ilkinji nemes milli operasy» diýilýär.

P.I.Çaýkowskiniň “Françeska da Rimini” eseri Danteniň «Ylahy komediýasyna» esaslanýar.  Onda durmuşa çykan ýaş Françeskanyň Paolo (adamsynyň kiçi dogany) bilen pajygaly söýgüsi we olaryň jezalary hakda gürrüň berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň