Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän uçarlar barlag üçin Türkmenabada gönükdirilýär

13:3409.03.2020
0
95155

Koronawirus ýokançlygynyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýän ähli uçarlar Türkmenabat Halkara howa menziline ugrukdyrylýar. Bu «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy tarapyndan «Türkmenportal»-a habar berildi.

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylar ähli zerur barlaglardan geçirilýär, esasan hem olaryň bedeniniň temperaturasy ölçelýär. Munuň üçin menziliň terminalynda ähli zerur mümkinçilikler döredildi, ýörite enjamlar ýerleşdirildi. Şäheriň ýakynyndaky Ýokanç kesellere garşy göreş merkezinde bolsa näsaglary eltmek we bejermek üçin gerekli mehanimzler döredildi. Howa menziliniň lukmançylyk merkezi şahsy gorag enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýolagçylar lukmançylyk barlagyndan geçirilenden soň, olar gelen uçary bilen Aşgabat şäherine ugradylýar.

Türkmenistandan daşary ýurtlara uçuşlar bolsa Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylýar.

«Türkmenhowaýollarynyň» aşakda görkezilen gatnawlary bolsa ýatyryldy:

  • 14.03.2020  ― 29.03.2020 aralygynda T5 537/538 gatnawy boýunça Aşgabat ― Deli ― Aşgabat;
  • 01.04.2020 ― 30.04.2020 aralygynda T5 901/902 gatnawy boýunça Aşgabat ― Stambul ― Aşgabat;
  • 13.03.2020 ― 27.03.2020 aralygynda T5 717/718 gatnawy boýunça Aşgabat ― Almaty ― Aşgabat;
  • 15.03.2020 ― 29.03.2020 aralygynda T5 735/736 gatnawy boýunça Aşgabat ― Kazan ― Aşgabat;
  • 21.03.2020 ― 28.03.2020 aralygynda T5 731/732 gatnawy boýunça Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat.

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadaky wekilhanasynyň web saýtynda berlen beýanata görä, ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary petek üçin tölän pullaryny doly görnüşde yzyna alyp bilerler ýa-da şol ugra başga bir senede goşmaça tölegsiz gidip bilerler.

Türkmenistanda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygy göz öňünde tutup, ýurda girmegiň we howply ýokanç keselleriň öňüni almak üçin zerur çäreler görülýär. Ýakynda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda koronowirus bilen bagly ýagdaýlar henize çenli hasaba alynmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň