Arhiw

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

21:1107.03.2020
0
19331

Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzyň «Parahat 7» ýaşaýyş toplumyndan ýokary amatlygy bolan täze döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy ― diýip, TDH habar berýär.

Täze jaýlara göçüp gelenler oňyn özgertmeler, bagtyýar durmuş üçin amatly şertleriň döredilendigi, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edilýändigi, jemgyýetde ýokary ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň saklanmagy üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilýändigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň gowşurylyş dabaralary ýurduň sebitlerinde hem boldy.

Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen eneleriň 258-sine Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýlen hormatly adyň dakylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň