Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet we maliýe toplumyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

12:5906.03.2020
0
11056

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki bilen wise-premýer G.Müşşikow häzirki döwürde toplumyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek hem-de bank-maliýe düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamak, häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler.

Milletiň Lideri wise-premýere we Merkezi bankyň başlygyna ýüzlenip, häzirki döwürde dünýäde bar bolan töwekgelçilikleriň täsirini azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Prezidenti ýerli önümler üçin daşary ýurt bazarlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, işewürligi goldamagyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem ýurduň maliýe ulgamynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň ykdysadyýeti ulgamynda bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, ykdysady toplumynyň işgärleriniň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagyny üpjün etmegi, ministrliklere islendik meseleleri çözmek üçin karz serişdelerini bölüp bermek arkaly olara ýardam bermegi, şeýlelikde daşary ýurtlara önümleri ibermäge niýetlenen üpjünçilik we senagat ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmagy we beýleki wezipeleri tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň