Aşgabatdaky «Durnalar» kafesinde «Altyn gaýçy» atly gözellik we stil bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
«Iň gowy salon» urgy boýunça geçirilen bäsleşikde aşakda görkezilen gözellik salonlary ýeňiji boldy:
1-nji orun ― «Janin» salony;
2-nji orun ― «Selbi» salony;
3-nji orun ― «Jeren’s Secret» salony .
Ussat stilistleriň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanýanlaryň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde 41 ýeňiji bar. Biz bäsleşigi gurnaýjy Wiktor Şokiniň teklibi bilen aýratyn ugurlar boýunça ýeňijileri belledik.
Şeýlelikde, onlaýn ses berlişige gatnaşan paýtagtlylaryň pikirine görä:
Iň oňat erkek stilist: Nazar Rozyýew;
Iň oňat zenan stilist: Gülşat Babamyradowa;
Iň oňat kosmetolog: Marina Arkadýewna Harutýunyan;
Iň oňat wizažist: Jannet Gulyan;
Salonyň iň gowy dolandyryjysy: Walentina Gukasowa.
«Ussat» («Magistr») ugry boýunça baş baýrak Aleksandr Žurawlewe;
«Gözellik işine gazanan üstünlikleri» üçin baýrak Sabina Atdaýewa berildi.
Ýeňijileriň ählisine hemaýatkärlerden sowgatlaryň şahadatnamalary berildi.