«Şagadamyň» goragçysy Ata Geldiýew we «Köpetdagyň» derwezeçisi Rahat Japarow futbol karýerasyny Gyrgyzystanyň Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» toparynda dowam etdirerler. Bu barada «Sport.kg» saýty habar berýär.
«Abdyş-Ata» Kant şäherinde 1992-nji ýylda döredilen futbol topary. Ol gyrgyz çempionatynda 2003-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edýär. Topar Premier liganyň geçen möwsüminde sekiz toparyň arasynda bäşinji orny eýeledi.
30 ýaşly Ata Geldiýew 2018-nji ýylda Gyrgyzystanyň «Alaý» toparynda hem futbol oýnapdy. 24 ýaşly derwezeçi Rahat Japarow üçin bolsa «Abdyş-Ata» ilkinji daşary ýurt topary bolar.