Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary Walensýen şäherinde geçirilen «Inženerçilik ulag işlerinde krizisi we töekgelçilikleri dolandyrmak» atly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Ol Franisýanyň O-De-Frans Politehniki uniwersitetiniň goldawy bilen geçirildi.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, «Erazmus +» maksatnamasynyň möhüm bölegi bolan bu taslama meýilleşdirilen işleriň çäginde gurnalan iň soňky okuw çäresi boldy. Fransiýada birnäçe günläp işlän döwründe türkmen wekiliýetiniň agzalary bu taslamanyň başlangyjy bilen birleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizilmegi meýilleşdirilýän birnäçe täze dersler bilen tanyşdylar.
Okuw maslahatyny geçirmek üçin O-De-Frans Politehniki uniwersiteti tötänleýin saýlanmady. Uniwersitet bu taslamanyň ýewropaly hyzmatdaşlarynyň toparyna girýär. Taslama gatnaşyjylar derwaýys meseleleriň arasynda okuw meýilnamalaryny düzmek baradaky wezipeleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.