Bolgariýanyň Ministrler Geňeşi tarapyndan Bolgariýanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda Zähmet migrasiýasyny kadalaşdyrmak baradaky kitaraplaýyn şertnamalaryň taslamasy tassyklandy. Bu barada «Trend» «Rus Bolgariýasy» neşirine salgylanyp habar berýär.
Bolgariýa hökümetiniň metbugat gullugy bu şertnamanyň ýurtlaryň raýatlarynyň iş üpjünçiligini kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdine öwrüjekdigini ýazdy.
Hususan-da, taslamada kabul edilýän ýurduň çäginde işleýänler we işgärler üçin ýerli işgärler bilen deň derejedäki hukuklaryň we borçlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasynda 2008-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyk barada hem hökümetara şertnama baglaşylypdy.
2015-nji ýylda bolsa Bolgariýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana resmi sapary wagtynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam edýän ösüşinden kanagatlanýandygyny mälim etdiler. Mundan başga-da, Bolgariýa Respublikasy Türkmenistany Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny, Türkmenistan bolsa Bolgariýany Günorta-Gündogar Ýewropanyň we Gara deňiz sebitiniň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýandygyny tassyklady.
Geçen ýylyň awgust aýynda Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky Bolgariýanyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen geldi. Premýer-ministr Hazar innowasiýa tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylyş dabarasyna we «Türkmen sährasy ― 2019» awtoulag sergisine, şeýle hem Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Saparyň dowamynda Awazada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara toparynyň mejlisi hem geçirildi. Mejlisde energiýa, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.