Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Medeniýet Şahberdiýewanyň ýatlama agşamy geçirildi

13:1901.03.2020
0
7830

Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Medeniýet Şahberdýewanyň ýatlama agşamy geçirildi. Ol uly zehiniň, meşhur aýdymçynyň 90 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.

Dabaraly agşama aýdymçynyň dostlary we oňa ýakyn sungat işgärleri ýygnandy. Olaryň arasynda meşhur sungat işgäri, tansçy Gözel Hummaýewa, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow, «Medeniet Şahberdiýewa» atly kitabyň awtory Parahat Çerkezowa hem-de ussadyň doganoglany, žurnalist Güljahan Şahberdiýewa dagylar bar.

Çykyş edenler aýdymçy barada ýakymly ýatlamalar bilen gürrüň beriler, onuň belent adamkärçiligi we sungata bolan çäksiz söýgüsi barada hem aýdyldy.

Wokal sungatynyň ussatlary we Medeniýet Şahberdiýewanyň kärdeşleri onuň ýerine ýetiren aýdymlaryndan iň gowy eserleri ýaňlandyrdylar. Aýdym-sazly agşamyň bir bölegini türkmen kompozitorlary tarapyndan Şahberdýewa bagyşlanan kompozisiýalar düzdi.

Agşamyň ahyrynda Medeniýet Şahberdýewanyň şägirdi Žanna Saýan tarpyndan ussadyň halaýan eserleriniň biri bolan «Bilbil» atly eser ýerine ýetirildi.

Ýalatlama agşamy Maýsa Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylygyndaky estrada sungaty kafedrasy tarapyndan gurnaldy. Bu ýerde uly sungat ussady barada gürrüň berýän fotosergi hem ýaýbaňlandyryldy. Onda Medeniýet Şahberdiýewanyň ömrüniň aýratyn pursatlary şöhlelendi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň