Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi

13:1929.02.2020
0
1135

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Wenanyň Diplomatik akademiýasynda «tegelek stol» maslahaty geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmenawstriýa jemgyýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň direktory, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory hem-de BMG-niň ýörite wekili çykyş etdiler.

Türkmen tarapy öz çykyşynda 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň