Özbegistanyň AGMK futbol topary 2020-nji ýylda öz düzümine täze goşulan futbolçylaryň tanyşdyryş dabarasyny we täze brendini saýlap almak çäresini geçirdi. Bu barada klubyň metbugat gullugyna salgylanyp, «Championat.asia» habar berýär.
Täze möwsümiň bosagasynda toparyň düzüminde birnäçe özgerişlikler boldy. Şol sanda türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow ýene-de bu toparyň düzümine gaýdyp geldi. Ol täze möwsüme taýýarlyk döwründe geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda bir gezek tapawutlanyp, bir gezek hem gol pasyny berdi. Baş tälimçi ähli duşuşyklarda ony esasy düzümde meýdana goýberildi. Superliganyň täze möwsüminde hem türkmenistanly ýarym goragçynyň esasy düzümiň iň naýbaşy wekilleriniň biri bolmagyna garaşylýar.
Milli ýygyndymyzyň kapitany täze toparynda «77-lik» belgide çykyş eder. Onuň geçen ýyl «Lokomotiwde» 71 belgili köýnekçäni geýendigini ýatladýarys.
Şeýle hem düýnki dabarada AGMK täze brendi bilen hem tanyşdyrdy. Topar täze möwsümde «Adidas» brendinden peýdalanar.
Almalyk şäheriniň topary Superliganyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny şu gün «Metallurg» bilen geçirer.