Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýat baş metjidinde sadaka berdi

10:1729.02.2020
0
9154

Mary welaýat baş metjidinde Türkmenistanyň Prezidenti özüniň döreden Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki güni barada gürrüň berýän eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna sadaka berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Milletiň Lideri ýygnananlar bilen salamlaşyp, şu gün Mary welaýatynda ata Watanymyzyň rowaçlygy, il-günümiziň abadançylygy we asudalygy üçin, şeýle hem welaýatyň baş metjidiniň öňki ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Şamyrat agany ýatlap, sadaka berilýändigini belledi.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykdy. Tebärek okalandan soňra nahar çekildi. Ýygnananlara türkmen tagamlary hödürlenildi. Nahardan soň, aýat-töwir edildi.

Çärä gatnaşyjylar Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmakda milli Liderimize egsilmez güýç-gaýrat we uly üstünlikler dileg etdiler.

Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şeýle diýdi:

— Goý, berlen sadaka, edilen aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!

Soňra milli Liderimiz şu gün asylly işiň amala aşyrylandygyny belläp, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň