Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

11:0026.02.2020
0
1771

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zenanlaryň 35-si gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar ýedi ugur boýunça ýaryşdylar. Şeýlelikde, Balkanabat şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Dünýägözel Sarjaýewa «Ýylyň işewür zenany», Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Nurtäç Tekäýewa «Ýylyň çeper elli zenany», Hazar şäheriniň medeniýet merkeziniň «Durmuş ýollary» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Taganbibi Myradowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Gumdag şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbanjemal Diwanowa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Aýjeren Bazarowa «Ýylyň watançy zenany», Serdar etrabynyň Purnuwar obasyndan kärendeçi Şabibi Gökiýewa «Ýylyň öň­debaryjy oba zenany», Hazar şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Amanbibi Nurbadowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.

Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşikde ýe­ňiji bolan zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň