Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň gümrükçileri bilen Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

22:1725.02.2020
0
4340

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň dolandyryş binasynda Gümrükhananyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda  welaýatyň telekeçileri bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylary, Daşoguz halkara howa menziliniň, Daşoguz welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Daşoguz welaýat Türkmenstandartlary döwlet gullugynyň, Daşoguz welaýat maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň işgärleri, telekeçiler hem-de harby gullukçylar gatnaşdylar.   

 Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem  bu ugurda telekeçileriň teklipleri we bellikleri diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň