Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gümrükçileri Gazagystanda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

22:1525.02.2020
0
4153

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen serhet we gümrük gözegçiliginiň wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmegiň çygrynda pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA 9) çäklerinde gurnaşly we oňa bu maksatnama gatnaşyjy döwletleriň ählisinden wekiller gatnaşdy ― diýip, gullugyň resmi saýty habar berdi.

Soňky döwürde Finlýandiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa ýaly Ýewropa bileleşigine girýän döwletlerinde serhet we gümrük gulluklarynyň arasynda serhet edaralary öz wezipeleri boýunça birek-biregi ygtyýarly etmek usulyny öz işinde giňden ulanýarlar. Okuw maslahatynda çykyş eden Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bellemeklerine görä, bu usul ýolagçylaryň we harytlaryň gümrük serhedinden çalt geçirilmegine hem-de serhet edaralarynyň serişdelerini has netijeli ulanmaga ýardam edýär. Maslahata gatnaşyjylar bu täze usul bilen tanyşyp, onuň oňyn taraplaryny we töwekgelçilikli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

Aýratyn hem, bu ugurda pudagara hyzmatdaşlyga, onuň esasy maksatlaryna we hukuk esaslaryna, bilelikdäki gözegçilige, gümrük gözegçilik ýerlerindäki ýüze çykýan meselelere, özara maglumat alyşylmagyna we töwekgelçiligi dolandyrmak meselesine üns berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň