Lebaply telekeçiler Daşkentde geçirilýän «UzBuild 2020» halkara sergisine gatnaşýarlar

16:4325.02.2020
0
5136

Öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň we «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň wekilleri Daşkentde açylan «UzBuil 2020» halkara sergisine gatnaşýarlar. Bu sergi gurluşyk serişdeleriniň döwrebap önümçiligine we bu babatda hyzmatdaşlyk etmäge bagyşlanandyr.

Özbegistanda däbe öwrülen we 21-nji gezek geçirilýän halkara serginiň işine şu ýyl 25 döwletden 400-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar. Serginiň bölümlerinde gurluşyk we bezeg serişdeleri, howa çalşygy hem-de ýyladyş ulgamlarynyň tehniki gurluşlary, suw geçirijiler, elektrik enjamlary we beýleki önümler görkezilýär.

Halkara sergi türkmen hususyýetçileri üçin dünýä bazaryna çykmagyň we tejribeleri baýlaşdyrmagyň nobatdaky mümkinçiligidir. Halkara serginiň eýýäm ilkinji gününde türkmen kompaniýalarynyň önümlerine gyzyklanmalar uly boldy.

«Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Ilkinji ýyllarynda kerpiç önümçiligi bilen meşgullanan kompaniýa geçen ýyl açylan täze kärhana bilen işleriň gerimini has giňeltdi. Häzir bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň alty görnüşi öndürilýär.

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda öndürilýän bitum bolsa eýýäm birnäçe wagt bäri daşary ýurtlara eksport edilýär. Hususy kärhananyň iri gurluşyklar üçin öndürýän binýatlyk düşegine daşary ýurtlardan bolan isleg bolsa barha köpelýär.

Türkmen hususyýetçileri Daşketdäki halkara sergi bilen ugurdaş geçirilýän maslahata hem gatnaşarlar. Olar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirmegi hem meýilleşdirýärler. Olaryň netijesinde täze ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşylýar.

«UzBuild 2020» halkara sergisi 28-nji fewrala çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň